• 46-37-80
  • lift@liftgurlusykwebejeris.gov.tm
26-04-2026 | Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy

Şu gün Aşgabat atçylyk sport toplumynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi. Onuň çäklerinde «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň we döredijilik işgärleriniň arasynda yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.

Giňişleýin
24-04-2026 | Syýasat habarlary

«Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026» atly XXXI halkara maslahatyna we sergisine gatnaşjaklar hasaba alnyp başlandy

2026-njy ýylyň 21 – 23-nji oktýabry aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026» atly XXXI halkara maslahatyna we sergisine gatnaşjaklar hasaba alnyp başlandy. «Energiýa. Hyzmatdaşlyk. Ösüş.» diýen resmi şygar astynda geçiriljek bu maslahat dünýä energetika pudagynyň öňdebaryjy wekillerini, iri kompaniýalaryň ýolbaşçylaryny, maýadarlary, maliýe institutlaryny we tehnologiýa üpjün edijilerini bir ýere jemläp, halkara energetika hyzmatdaşlygynyň geljekki ugurlaryny kesgitlemäge gönükdiriler.

Giňişleýin
23-04-2026 | Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary tamamlandy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Sebitleýin ekologiýa sammitine we Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy. Ozal habar berlişi ýaly, düýn hormatly Prezidentimiz iş sapary bilen Gazagystan Respublikasyna ugrady.

Giňişleýin
21-04-2026 | Syýasat habarlary

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler we gurulýan hem-de döwrebaplaşdyrylýan desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Giňişleýin
21-04-2026 | Hyzmatdaşlyk

Türkmenistanyň wekiliýeti UNESCAP-yň 82-nji sessiýasyna gatnaşýar

BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti boýunça Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça komissiýasynyň (UNESCAP) ştab-kwartirasy bolan BMG-niň Maslahatlar merkezinde ESCAP-yň 82-nji sessiýasy öz işine başlady. 24-nji aprele çenli dowam etjek halkara forum Tailand Patyşalygynyň Bangkok şäherinde geçirilip, onuň mowzugy “Hiç kimi ünsden düşürmezlik: Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde ähli ýaşdaky adamlar üçin jemgyýetiň kemala gelmegine ýardam etmek” diýlip kesgitlenildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  

Giňişleýin
20-04-2026 | Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Giňişleýin
20-04-2026 | Sport

Türkmen türgenleri Rumyniýada geçirilen halkara ýaryşynda erkin göreş boýunça toparlaýyn hasapda birinji orny eýeledi

2026-njy ýylyň 16-19-njy apreli aralygynda Rumyniýa döwletiniň Buharest şäherinde 17 ýaşa çenli türgenleriň arasynda erkin we grek-rim göreşi boýunça “Konstantin Aleksandru we Ioan Popowiç” adyndaky halkara ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş etdiler. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Giňişleýin
19-04-2026 | Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Giňişleýin