• 46-37-80
  • lift@liftgurlusykwebejeris.gov.tm
02-12-2024 | Syýasat habarlary

Türkmenistanyň wekiliýeti “Merkezi Aziýa - Hytaý” formatyndaky ministrler derejesindäki duşuşygyna gatnaşdy

2024-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Syçuan welaýatynyň Çendu şäherinde (HHR) geçirilen “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatyndaky daşary işler ministrleriniň bäşinji duşuşygyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Giňişleýin
29-11-2024 | Medeniýet we bilim

Taryhy-medeni miras — halkyň ruhy baýlygy

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan her çärýekde türkmen, rus, iňlis dillerinde neşir edilýän «Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Giň okyjylar köpçüligi üçin niýetlenen neşirde täze açyşlar, halkymyzyň taryhy-medeni, ruhy mirasy boýunça geçirilen gözlegleriň netijeleri, şol sanda golýazmalar, dil bilimini ösdürmegiň meseleleri, edebiýatşynaslyk hem-de ýurdumyzyň taryhy baradaky makalalar ýerleşdirilipdir.

Giňişleýin
28-11-2024 | Syýasat habarlary

Parlament diplomatiýasy — parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine hyzmatdaşlygy ilerletmegiň guraly

Рaýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda «ÝHHG-niň çäginde parlament diplomatiýasy: dialog — abadan we asuda geljek üçin hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň guraly» atly ikinji Aşgabat maslahatynyň açylyş dabarasy boldy. Maslahat Türkmenistanyň Mejlisi hem-de Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasy tarapyndan bilelikde guraldy. Çäräniň esasy maksady sebitleýin dialogy pugtalandyrmakdan, geljek nesilleriň abadançylygynyň bähbidine howpsuzlygy, pugta parahatçylygy üpjün etmek üçin toplumlaýyn çemeleşmeleri öňe sürmekden hem-de ilerletmekden ybaratdyr.

Giňişleýin
21-11-2024 | Ykdysadyýet

Zeýtun hasylyny ýygnamak işleri gyzgalaňly dowam edýär

Etrek etrabynyň «Gyzylbaýyr» daýhan birleşiginiň mes toprakly ýaýlasyndan uzak möhletleýin ýer bölegini alan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan telekeçi miweli baglary ösdürmek bilen giňden meşgul bolýar.

Giňişleýin
19-11-2024 | Medeniýet we bilim

Ýurdumyzda Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär

Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Medeni-ynsanperwer gatnaşyklar türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunda bilelikdäki medeni çäreleriň yzygiderli geçirilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Şu gezekki döredijilik çäresi hem munuň aýdyň güwäsidir.

Giňişleýin
18-11-2024 | Syýasat habarlary

«Sanly çözgüt – 2024» atly innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan edildi

Şu gün paýtagtymyzda Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel-2024» atly XVII halkara sergisi we ylmy maslahaty tamamlandy. Bu forum ýurdumyzyň hünärmenleri bilen daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň tejribe alyşmagynda, gatnaşyklary ösdürmekde, özara bähbitli taslamalary ara alyp maslahatlaşmakda we olary durmuşa geçirmegiň ýollaryny kesgitlemekde uly ähmiýete eýe boldy.

Giňişleýin