• 46-37-80
  • lift@liftgurlusykwebejeris.gov.tm
18-06-2025 | Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Merkezi Aziýa — Hytaý” sammitindäki çykyşy

Hormatly jenap Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti!

Hormatly Hytaý Halk Respublikasynyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlary!

Hormatly wekiliýet agzalary!

Ilki bilen, bildirilen myhmansöýerlik üçin Türkmenistanyň wekiliýetiniň adyndan Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti hormatly Kasym-Žomart Kemelewiç Tokaýewe minnetdarlygymy beýan etmäge rugsat ediň!

Giňişleýin
16-06-2025 | Sport

Sportuň küşt görnüşi boýunça 8, 10 we 12 ýaşly türgenleriň arasynda geçirilýän halkara ýaryşa gatnaşyjylara

Hormatly halkara ýaryşa gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!

Sizi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda myhmansöýer türkmen topragynda sportuň küşt görnüşi boýunça 8, 10 we 12 ýaşly türgenleriň arasynda geçirilýän halkara ýaryşyň açylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Eziz Diýarymyzyň sport taryhynda möhüm waka boljak bu ýaryşyň halkara sport hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga, parahatçylygy we dostlugy dabaralandyrmaga, Olimpiýa hereketiniň däplerini wagyz etmäge hem-de ornaşdyrmaga, sportuň küşt görnüşi boýunça türgenleriň ussatlyklaryny we tejribelerini artdyrmaga uly goşant goşjakdygyna berk ynanýaryn.

Giňişleýin
15-06-2025 | Syýasat habarlary

Türkmen elektron senagaty ösüş ýolunda

Ýakynda paýtagtymyzda «Ak şäherim Aşgabat» atly XXIV köpugurly halkara sergisi we maslahaty uly üstünlikli geçip, onuň işi netijeli häsiýete eýe boldy. Bu halkara forum ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli ugurlarynda gazanylýan üstünlikleri görkezmek, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary ösdürmek ugrunda möhüm ähmiýete eýe bolmagy bilen oňa gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi.

Giňişleýin
13-06-2025 | Jemgyýet

Medeniýet hepdeligine doly taýýarlykda

Ýurdumyzda her ýylyň iýun aýynyň 27-sinde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň ýokary ruhubelentlige beslenip bellenilmegi, şeýle hem her ýylyň iýun aýynyň 22–28-i aralygynda giň gerimli, dürli mazmunly çäreleri, maslahatlary, gezelençleri, konsertleri öz içine alýan Medeniýet hepdeliginiň geçirilmegi bu ulgamyň işgärleri üçin ýatdan çykmajak pursatlary emele getirýär.

Giňişleýin
12-06-2025 | Syýasat habarlary

Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň yl­my jem­gy­ýet­çi­li­gi­ne hem-de «Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ylym, teh­ni­ka we in­no­wa­sion teh­no­lo­gi­ýa­lar» at­ly hal­ka­ra yl­my mas­la­ha­ta gat­na­şy­

Hor­mat­ly alym­lar, yl­my jem­gy­ýet­çi­li­giň we­kil­le­ri!
Ga­dyr­ly myh­man­lar!

Si­zi Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­lyn­da giň­den bel­le­nil­ýän aja­ýyp baý­ram — Ylym­lar gü­ni, şeý­le hem «Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ylym, teh­ni­ka we in­no­wa­sion teh­no­lo­gi­ýa­lar» at­ly hal­ka­ra yl­my mas­la­ha­tyň öz işi­ne baş­la­ma­gy bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­ýa­ryn. Biz äh­li ösüş­le­ri­mi­zi ylym bi­len aý­ryl­maz bag­la­nyş­dyr­ýa­rys. Şo­ňa gö­rä-de, Ylym­lar gü­ni my­na­sy­bet­li ge­çi­ril­ýän hal­ka­ra yl­my mas­la­ha­tyň alym­la­ryň yl­myň we teh­ni­ka­nyň öň­de­ba­ry­jy ga­za­nan­la­ry ba­bat­da öza­ra tej­ri­be alyş­mak­la­ryn­da örän uly äh­mi­ýe­te eýe bol­jak­dy­gy­na ynan­ýa­ryn.

Giňişleýin
11-06-2025 | Syýasat habarlary

«Turkmentextile Expo — 2025» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara

Hormatly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!

Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ata Watanymyz Türkmenistanda ilkinji gezek geçirilýän «Turkmentextile Expo — 2025» atly halkara sergi-ýarmarkanyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Giňişleýin
09-06-2025 | Jemgyýet

Awazadaky dynç alyş geljekki üstünliklere badalga

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyzyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ýanwar aýynda Monako Knýazlygyna amala aşyran iş sapary Berkarar döwletimiziň taryhynda möhüm orun tutdy. Saparyň barşynda Gahryman Arkadagymyzyň Monte-Karloda geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda baş baýraga, beýleki ýörite baýraklara mynasyp bolan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen duşuşmagam toparyň şanyna tutuljak dabaralaryň özboluşly badalgasyna öwrüldi.

Giňişleýin