• 46-37-80
  • lift@liftgurlusykwebejeris.gov.tm
12-08-2025 | Syýasat habarlary

«Hazar deňzi — dostluk we parahatçylyk deňzi» atly ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara 12.08.2025

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Sizi Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak hakynda Çarçuwaly konwensiýanyň güýje girmegi mynasybetli her ýylyň 12-nji awgustynda ýurdumyzda ýokary guramaçylyk derejesinde bellenilýän Hazar deňziniň güni hem-de “Hazar deňzi — dostluk we parahatçylyk deňzi” atly ylmy-amaly maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Türkmenistan Hazar deňziniň sebitinde söwda-ykdysady, medeni-durmuş gatnaşyklarynyň ösdürilmegi ugrunda Hazarýaka döwletleriň giň goldawyna eýe bolýan möhüm başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edýär. Birinji Hazar sammitiniň Aşgabat şäherinde geçirilmegi Hazarýaka döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde wajyp ädim boldy. Bu taryhy waka ähli ugurlar boýunça gatnaşyklaryň ilerledilmegi üçin berk binýat bolmak bilen, sebitde özara arkalaşykly hereket etmek üçin köp sanly meseleleriň çözülmegine uly badalga berdi. Bu maslahatda Hazar deňziniň sebitinde dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmekde berk binýat bolup hyzmat etjek resminamalar, şol sanda Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak hakynda Çarçuwaly konwensiýany we Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýany taýýarlamagyň ähmiýeti ilkinji gezek ýokary derejede ara alnyp maslahatlaşyldy.

Giňişleýin
11-08-2025 | Syýasat habarlary

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň minnetdarlyk haty

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Ilki bilen, Siziň başlyklyk etmegiňizde Türkmenbaşy şäherindäki “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň ýokary derejede geçirilmegi bilen Sizi tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Giňişleýin
08-08-2025 | Syýasat habarlary

Medeniýet halklary ýakynlaşdyrýar

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky teatrlaşdyrylan interaktiw deňiz suw çüwdürimler toplumynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň dabaraly konserti boldy. Munuň özi doganlyk ýurtlaryň bu gözel künjekde yzygiderlilikde guralan milli günleriniň hem jemlemesine öwrüldi. Jemleýji günde Türkmenistanyň we Özbegistanyň milli günleri bu dabara aýratyn öwüşgin çaýdy.

Giňişleýin
05-08-2025 | Syýasat habarlary

Awazada BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň açylyş dabarasy boldy

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky Kongresler merkezinde Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa foruma gatnaşýan döwletleriň Baştutanlary, hökümet ýolbaşçylary, abraýly halkara we sebitleýin guramalaryň wekilleri, ýokary derejeli wekiliýetleriň agzalary, şeýle-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Giňişleýin
03-08-2025 | Syýasat habarlary

Türkmenistan — BMG: hyzmatdaşlygyň taryhynda täze tapgyr

Şu gün Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş Hazaryň kenarynda geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak maksady bilen ýurdumyza geldi. Möhüm halkara forum Türkmenistanyň tutuş adamzat ähmiýetli öňe sürýän başlangyçlarynyň Milletler Bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň nobatdaky beýanydyr.

Giňişleýin
30-07-2025 | Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, onuň dowamynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi bilen bagly ýerine ýetirilen işler bilen tanyşdy.

Giňişleýin
29-07-2025 | Syýasat habarlary

Parlamentara dialog — parahatçylygy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýoly

BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna bagyşlanan makalalar toplumynyň ozalky sanlarynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýokary wekilçilikli forumyň geçirilmegine döwletleriň arasynda dostlugy we özara düşünişmegi pugtalandyrmakda, syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlyk formatlaryny döretmekde ýurdumyzyň goşýan ägirt uly goşandynyň ykrar edilmesi hökmünde garaýar. Bu makalada bolsa halkara hyzmatdaşlygyň netijeli guralyna öwrülen parlament diplomatiýasyna üns çekiler.

Giňişleýin
28-07-2025 | Medeniýet we bilim

Medeni diplomatiýa — dostlugyň we hyzmatdaşlygyň nyşany

Şu ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň çäklerindäki mazmunlaýyn çärelere bagyşlanan makalalar toplumyny dowam etmek bilen, Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygynyň geriminiň ähli ulgamlarda barha giňeldilýändigini bellemek gerek. Şunda medeniýet ulgamy hem möhüm ugurlaryň biri bolup durýar.

Giňişleýin